Okuw ýyly golaýlaýar, ulanylan eşige isleg artýar

Mekdep üçin harytlaryň bazary. Türkmenistan (arhiw suraty)

Türkmenistanda mekdebe taýynlyk möwsümi başlady. Okuw ýylynyň golaýlamagy ene-atalaryň öz çagalaryna egin-eşik we okuw esbaplaryny edinmek aladasyny güýçlendirdi. Maşgalalar maddy ýagdaýyna görä, bazarlarda söwda edýär, ýa-da ulanylyşda bolan köne geýimleri gözleýär.

Mekdep geýimlerini we okuw esbaplaryny satyn almak üçin her bir çaga azyndan 700-800 manat pul gerek bolýar. Bu Merkezi Bankyň kursy boýunça 200-230 amerikan dollaryna barabar bolýar.

Azatlygyň habarçylary bazarlardaky nyrhlary öwrenip, arzan we pes hilli harytlardan oglanlar üçin jalbar - 80 manat, ak köýnek 70 manat, tahýa 30 manat we köwüş 150-200 manatdan başlanýar, diýýärler. Gyz okuwçylar üçin arzan köýneklik mata 80-100 manatdan, ýaka 20-30 manat we fartuk 30 manatdan bahalanýar. Okuw esbaplary üçin 200 manat portfel we ýene 200 manat beýleki zerur esbaplaryna gerek bolýar.

Degişli maglumat Çagalar mekdebe taýýarlanýar, köpçülikde okuw esbaplaryna pul ýetmeýär

Şu ýyl okuw esbaplarynyň bahasynyň geçen ýyldan köp üýtgemändigine garamazdan, habarçylar her okuwçy üçin zerur bu esasy zatlary hatda iň arzan nyrhdan satyn almaga-da köp maşgalalaryň maddy ýagdaýynyň ýokdugyny aýdýarlar.

"Bu nyrhlar diňe bir çaga üçin çykdajy, emma köp çagaly ene-atalaryň aýlyklary çagalaryň ählisine egin-eşik almaga ýetmeýär, olar bergä girmeli bolýarlar. Gündelik işläp gazanýan adamlar bolsa, hatda iýjegini hem zordan tapýarlar" diýip, habarçymyz aýtdy.

Bu ýagdaýda her bir maşgala özi üçin çykalga gözleýär.

Käbirler öýüniň goşuny satyp, okuw esbaplaryny satyn alýar. Beýlekiler goňşularyndan, tanyşlaryndan ýa-da ildeşlerinden köne zatlary sorap alýarlar.

"Çagalary üçin gapylary kakyp, köne zatlary dileýänler gaty kän. 'Gerekmejek mekdep eşikleriňiz, portfeliňiz bar bolsa, beraýiň diýýän ene-atalar köp" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şäher ýerlerinde barly hojalyklar öz çagalarynyň geçen ýylky egin-eşiklerini, ulanyp bolaýjak okuw esbaplaryny ýygnap, kime gerek bolsa alaýsyn diýip, daşarda zibil çelekleriň gapdalyna eltip goýýar.

Bu günler mekdebe taýýarlyk sosial ulgamlarda hem orun tapdy. Käbirler köne geýimleri soraýan ýa-da teklip edýän bolsa, käbirler pul tapmagyň adaty bolmadyk ýoluny gözleýär.

"Internet ulgamynda bir eje çagalarynyň okuw eşikleri üçin saçyny satýandygyny ýazypdyr" diýip, habarçymyz belleýär.

Balkan welaýatynda mekdeplere barýan okuwçylaryň köne eşikleri alnyp-satylýan bazarlar peýda boldy.

"Türkmenbaşynyň daýhan bazarynyň duralgasynda we Balkanabat daýhan bazarynyň awto duralgalarynda uzynlygy 50 metrlik 10 hatarda geýlen mekdep eşiklerini çykaryp satmak üçin mümkinçilik döredildi" diýip, balkanly habarçymyz aýtdy.

Degişli maglumat Balkanda öýlere aýlanyp, köne okuw esbaplaryny soraýan ene-atalar köpelýär

Ulanylyşda bolan geýimleriň bu bazarynda zatlaryň nyrhy täzesinden arzan. Gyz okuwçy üçin ýaşyl köýnegi 20 manada, ak öňlügi 10 manada, köwüşleri 30-60 manat aralygynda satyn alyp bolýar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan balkanly ýaşaýjylar geçen ýyllarda köne mekdep formalarynyň ýakynlaryna ýa-da, sorap gelen mätäç adamlara mugtuna berlendigini belläp, şu ýyl mugtuna berýäniň azdygyny, köne zatlaryň köplenç satylýandygyny aýdýar.

"Türkmenbaşyda dilegçi eneler gapylary aýlanyp, geýlen köne mekdep geýimleri diläp, öýleri aýlanýarlar. Adamlar bazara çykaryp, satandyklaryny aýdyp, olary gapydan boş ugradýarlar" diýip, balkanabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Türkmenistanlylar ilat köpçüliginiň maddy ýagdaýynyň soňky bir ýylda peselendigini, azyk önümleri gymmatlap, adamlaryň hatda iýmitlenmek aladasynyň artandygyny gürrüň berýärler.

Degişli maglumat Mekdebe taýýarlyklar ene-atalaryň aladasyny artdyrýar

Soňky ýyllarda okuw esbaplaryny we egin eşiklerini satyn almak üçin dilegçilik edýän çagalar we öýlere aýlanyp, köne geýimleri we okuw esbaplaryny soraýan ene atalar köpeldi.

Çagalaryň ençemesi täze okuw ýylynyň aladasyny öňünden etmeli bolýarlar we tutuş kanikul döwrüni pul toplamak üçin işläp, ýa-da dilegçilik edip geçirýärler.

"Köp işe ýaran çagalar, meselem oba ýerlerinde potrat meýdanlarda işe gidýärler. Kanikul döwri tomsuň yssysynda işläp öz geýjek eşiklerini alýarlar. Ulurak ýaşly oglan-gyzlar kerpiç zawoduna gidip kerpiç örýärler we uzak güni çeken zähmetine 60 manat gazanyp, özlerine eşik satyn alýarlar" diýip, balkanly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Şeýle ýagdaýda kynlyk bilen çagalaryny mekdebe taýýarlaýan ilatdan haýyr-sahabat üçin pul talap edilýär.

Mekdep okuwçylary we mugallymlar dürli maksatlar, şol sanda haýyr-sahawat gaznasy üçin yzygiderleri pul tabşyrmaly bolýar.

Degişli maglumat Maryda mekdep okuwçylary we işgärleri 'haýyr-sahawata' mejbur edilýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär