Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Russiýa, Ukrainadaky urşuny soňlamasa, 'örän agyr netijeler’ bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny duýdurdy


ABŞ-nyň prezidenti Tramp Waşingtonda ýerleşýän Kennedi merkezine bardy. 13-nji awgust.
ABŞ-nyň prezidenti Tramp Waşingtonda ýerleşýän Kennedi merkezine bardy. 13-nji awgust.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp prezident Wladimir Putin bilen boljak sammitiň iki gün öňünden duýduryş berip, Ukraina garşy urşuny togtatmasa, Russiýanyň "örän agyr netijeler" bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny aýtdy.

Tramp Moskwanyň Ukrainada 3 ýarym ýyldan gowrak wagt bäri alyp barýan urşuny bes etmese nähili netijeler bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigi barada jikme-jik maglumat bermedi. Tramp 13-nji awgustda, birnäçe ýewropa lideri we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Ýewropanyň we Ukrainanyň esasy howpsuzlyk bähbitlerini goramak barada çagyryş edeninden gysga wagt soň çykyş etdi.

“Maksat – urşuň soňuna çykmak” diýip, ol 15-nji awgustda Alýaskada, Ankorijiň golaýyndaky Elmondorf-Riçardson goşma bazasynda boljak sammitden edýän tamasyny aýtdy.

ÝB-niň başlygy Ursula fon der Leýen Tramp çykyş etmezinden öň ABŞ-nyň lideri we Ýewropanyň ýokary derejeli resmileri bilen geçirilen söhbetdeşligiň "örän gowy" bolandygyny aýtsa, Germaniýanyň kansleri Fridrih Merz bu wideo konferensiýany "konstruktiw" diýip häsiýetlendirdi.

Tramp hem bu wideo konferensiýany "örän gowy" diýip atlandyrdy we Putin bilen duşuşygy gowy geçse, Putin we Zelenski bilen derrew ikinji gezek duşuşmak isleýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG