Köp adam ABŞ prezidenti Donald Tramp bilen onuň rus kärdeşi Wladimir Putiniň şu hepde Alýaskada Ukrainadaky urşy soňlamak boýunça geçirjek duşuşygynda möhüm öňe gidişlik görjek bolar, ýöne golaýda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan ukrainalylar bu meselede hiç zada garaşmaýar.
Üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän uruşdaky üzlem-saplam parahatçylyk gepleşiklerinden, berlen wagt möhletleriniň bozulmagyndan soň, şeýle-de müňlerçe adam ýitgileriniň arasynda, ukrainalylar 15-nji awgustda Alýaskada geçiriljek gepleşiklerde öňe gidişlikleriň gazanyljakdygyna optimist garamaýan ýaly bolup görünýär. Ukraina çozuş edýän rus goşunlaryny yza serpikdirmek üçin göreşip gelýär.
“Bilýäňizmi, oňyn täzelik babatynda kän bir umyt ýok” diýip, Kiýewde bir erkek adam “Häzirki Zaman” telekanalyna aýtdy.
“Meniň pikirimçe bu bir diňe berilýän wagt möhletleri zynjyrynda täze bir tapgyrdyr. Men ABŞ-nyň häzirki prezidentiniň möhleti gutarýança şeýle zatlar gaýtalanyp durar öýdýärin” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Duşuşygyň öňüsyrasynda, Waşington Kiýew bilen Moskwanyň ikisini-de möhüm egilşiklere taýýarlaýan ýaly bolup görünýär. ABŞ-nyň wise-prezidenti JD Wans islendik parahatçylyk ylalaşygynyň iki tarapy hem ‘kanagatsyz’ galdyryp biljekdigini duýdurdy.
Russiýa ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşmakdan yzygiderli ýagdaýda çetde durup gelýär. Ol şeýle duşuşygyň taraplar ot açmagy bes etmek ylalaşygyna däl, doly parahatçylyk ylalaşygyna gol çekmäge golaýlanlarynda geçirilmelidigini aýdýar.
Parahatçylyk ylalaşygy heniz uzakda ýaly bolup görünýär, maýyň ortalaryndan bäri Türkiýede üç tapgyrda geçirilen göni gepleşiklere garamazdan, birnäçe möhüm mesele, şol sanda territoriýa we howpsuzlyk meseleleri babatynda ruslaryň we ukrainalylaryň pozisiýalarynyň arasynda düýpgöter tapawut bar.
Stambulda geçirilen gepleşikleriň birinji tapgyrynda Putin Zelenskiniň ýüzbe-ýüz duşuşmak teklibini ret etdi.
Ol özüniň şol pozisiýasyny geçen hepde ýene bir gezek gaýtalap, Zelenski bilen duşuşmaga özüniň hiç hili garşylygynyň ýokdugyny, ýöne birinjilik bilen, “belli-belli şertleriň döredilmelidigini” we häzirlikçe şol şertleriň örän “alysdadygyny” aýtdy.
“Men bu duşuşykdan hiç zada garaşamok. Men diňe Ukrainanyň harbylaryndan bir zatlara garaşýaryn” diýip, Kiýewde bir aýal adam aýty.
Gepleşikler möhüm öwrüm pursatynda bolup geçýär. Tramp Putin barada barha köp ynjalyksyzlyk beýan edýär, rus prezidenti Kremliň maksimalist talaplaryndan el çekjege meňzemeýär. Tramp we Putin alty gezek telefon söhbetdeşligini geçirdi, Ak tamyň ýörite wekili azyndan üç gezek Moskwa sapar etdi.
Trampyň Putin bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak boýunça gelen karary onuň rus lideri bilen öz gatnaşygyndan durnukly parahatçylyk ylalaşygyny gazanyp bolar diýen ynanjyny şöhlelendirýär. Trampdan öňki prezident Jo Baýden çozuşdan soň şeýle duşuşygy ret edip geldi.
Putin barada aýdylanda, Zelenski ýa-da ukrain resmileri bolmazdan, Tramp bilen ikiçäk duşuşmaklyk ony Trampyň derejesine çykarýar, şeýle-de Zelenskiniň bikanun lider bolandygy we urşy soňlamak boýunça esasy ylalaşygyň diňe Birleşen Ştatlar bilen gönümel gepleşikler arkaly gazanylyp bilinjekdigi barasynda Putiniň eýeleýän pozisiýasyny görkezýär.
Birleşen Ştatlara sapar etmeklik hem, Halkara jenaýat kazyýeti tarapyndan uruş jenaýatlary boýunça tussag etme orderi çykarylan Putin üçin kiçi bir ýeňiş bolup durýar. Kazyýete agza ýurtlar ony tussag etmeli bolýar, ýöne Birleşen Ştatlar bu kazyýete agza däl. Tramp administrasiýasy Gaga tribunalyna açyk garşylyk besleýär.
Bir aýal “Häzirki zaman” telekanaly bilen söhbetdeşlikde duşuşygyň netijesinde özüniň hiç hili öňe gidişlige garaşmaýandygyny aýtdy, ýöne, belki Tramp parahatçylyk ugrunda Putine basyş edip biler diýdi.
“Men şondan başga hiç zada garaşmaýaryn” diýip, ol aýtdy. “Ýöne şonda-da men bir zatlara umyt bildirýärin, meniň dostlarym hem, Tramp bir zatlar eder diýip, umyt bildirýärler…” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Forum