Russiýanyň Goranmak ministrligi 14-nji awgusta geçilýän gije anneksiýa edilen Krymyň, Gara deňziň we Azow deňziniň dört etrabynda 44 pilotsyz uçaryň urlandygyny habar berdi.
Wolgograd sebitinde dokuz pilotsyz uçar uruldy. Sebit häkimi Andreý Boçarow urlan pilotsyz uçaryň galyndylarynyň Wolgograddaky nebiti gaýtadan işleýän zawodda nebit önümleriniň dökülmegine we ýangyna sebäp bolandygyny habar berdi.
Ýangyn söndürijiler ýangyny söndürmäge başladylar. Deslapky maglumatlara görä, ýitgi ýok diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
“Supernowa+” telegram kanaly ýangynyň “LUKOIL-Wolgogradneftepererabotka” zawodynda bolandygyny ýazýar.
Belgorod sebitinde pilotsyz uçar sebitiň hökümet binasyna hüjüm etdi. Häkim Wýaçeslaw Gladkow hiç kimiň ýaralanmandygyny habar berdi.
Belgorod sebitinde pilotsyz uçar sebitiň hökümet binasyna hüjüm etdi. Häkim Wýaçeslaw Gladkow hiç kimiň ýaralanmandygyny habar berdi.
Goranmak ministrliginiň habaryna görä, Belgorod sebitinde iki, Rostow sebitinde we anneksiýa edilen Krymda, hersinde ýedi pilotsyz uçar uruldy. Krasnodar sebitinde 4, Gara deňziň ýokarsynda 14, Azow deňziniň üstünde bolsa bir dron uruldy diýip, habarda aýdylýar.