Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň ýogalanyna bir ýyl boldy


Hudaýberdi Allaşow
Hudaýberdi Allaşow

Türkmenistanda ençeme ýyllap häkimiýetleriň yzygiderli gysyşlaryna we güýç gulluklaryň sütemine sezewar edilen Hudaýberdi Allaşowyň dünýäsini täzelemegine bir ýyl boldy. Azatlyk Radiosynda diňe üç aý işländigi üçin sekiz ýyllap zorluk-süteme yzygiderli sezewar edilen Allaşow ýogalanda 35 ýaşyndady.

Türkmenistanda adaty raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan gündelik ýagdaýlary, şol sanda pagtaçylyk pudagyndaky mejbury zähmet, azyk gytçylygy we döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň zähmet haklarynyň gijikdirilmegi ýaly meseleler barada ýurduň içinden habar beren Allaşow, uzaga çeken yzarlamalardan soňra, 2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Köneürgenç şäherinde aradan çykdy, 14-nji awgustda jaýlandy.

35 ýaşynda ýogalan Allaşow Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk edeni üçin türkmen häkimiýetleri tarapyndan yzarlandy, güýç gulluklarynyň işgärleri iki ýaş çaganyň kakasyna "seni gabyra gabarys" diýen haýbaty atdylar.

Ýaş žurnalist Azatlyk Radiosynda 2016-njy ýylda bary-ýogy üç aý işläpdi we şol ýylyň dekabr aýynda ejesi Gurbantäç Arazmedowa bilen bilelikde "nas saklamak" aýyplamasy bilen tussag edilipdi.

2017-nji ýylyň fewral aýynda daşary ýurt diplomatlarynyň we halkara guramalarynyň goşulmagynyň netijesinde, Allaşow we onuň ejesi azatlyga çykaryldy, emma sud olary üç ýyl şertli tussaglyga höküm etdi. Ýogsa, Türkmenistanyň kanunçylygynda nas serişdelerini saklamak üçin jenaýat jogapkärçiligi göz öňünde tutulmaýar.

Şondan soňky döwürde, bar bolan subutnamalara görä, Allaşowyň göreni “görgi boldy”. Allaşow ýogalýança häkimiýetleriň basyşlaryna sezewar edildi we birnäçe gezek güýç gulluklary tarapyndan saklandy. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri onuň polisiýa bölüminde rehimsizlik bilen gynalandygyny, şol sanda elektrik toguna tutulandygyny habar berdiler.

Türkmen hökümeti Allaşowa sekiz ýyllap görkezilen rehimsizliklere we onuň ölümine degişli ýagdaýlar barada uzak wagtlap resmi teswir bermekden saklandy.

Türkmen wekilleri Allaşow barada 2025-nji ýylyň aprel aýynda çykyş etdi we merhum žurnalist barada iňňän kemsidiji sözleri aýdyp, dürli bidüzgünçiliklerde aýyplady.

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýew BMG-niň Gynamalara garşy komitetiniň Ženewada geçirilen mejlisinde eden çykyşynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda aradan çykan habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň häkimiýetler tarapyndan yzarlamalara sezewar edilmändigini hem-de onuň 'arakhor bolandygyny' öňe sürdi.

“Hudaýberdi Allaşow - hroniki arakhor, yzygiderli görnüşde köp mukdarda alkogolly içgileri sarp edýärdi. Ol administratiw jogapkärçilige çekildi. Ol birden köp gezek, gaýta-gaýta, özüniň raýat işjeňligi diýilýän boýunça, ilçihana wekillerinden pul almaga synanyşdy. Allaşow yzarlamalara sezewar edilmedi we jenaýat jogapkärçiligine çekilmedi, şonuň üçin, onuň saglyk ýagdaýy, hasabatda öňe sürülişi ýaly, türme tussaglygy diýilýänden soň ýaramazlaşan bolup bilmez” diýip, Wepa Hajyýew aýtdy.

Azatlyk Radiosyna mälim bolan maglumatlara görä, Allaşowa hem-de onuň ejesine tussaglykda lukmançylyk kömegi berilmedi.

Hudaýberdi Allaşow tussaglykdan soň Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlygy doly bes etdi, emma häkimiýetleriň yzarlamalaryndan halas bolmady. Birnäçe ýyllap Allaşowlaryň Köneürgençdäki öýüne polisiýa we MHM işgärleri hiç hili sebäpsiz baryp, olary gorkuzdylar we haýbat atdylar. Hatda, Azatlyk Radiosynyň Daşoguz barada çap eden islendik maglumatyndan soň, Allaşowlara her gezek basyş güýçlendi.

Türkmenistan dünýäniň iň ýapyk we awtoritar ýurtlarynyň biri bolup, erkin habar beriş serişdeleriniň işgärleri yzarlanýar, gynalýar we olara ölüm howpy abanýar.

Hudaýberdi Allaşowyň urlup-gynalan döwründe we ilatyň Azatlyk Radiosyny hatda diňleýändigi üçin yzarlanan wagtynda 2018-nji ýylda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary bolan Wepa Hajyýew Azatlyk Radiosynyň žurnalistleriniň ýurtda erkin işleýändigini we olaryň ýurda erkin girip-çykýangyny öňe sürüpdi.

Hudaýberdi Allaşowdan öň Azatlygyň ýene bir žurnalisti Ogulsapar Myradowa pajygaly ýagdaýda öldi.

Öldürlen žurnalistleriň hatyrasyna Waşingtonda dikilen ýadygärlikde Ogulsapar Myradowanyň orny bar.
Öldürlen žurnalistleriň hatyrasyna Waşingtonda dikilen ýadygärlikde Ogulsapar Myradowanyň orny bar.

2006-njy ýylda Garagum çölünde ýerleşýän Owadandepe türmesinde aradan çykan üç çaganyň ejesiniň bedeninde ýowuz zulumyň, gynamalaryň we bogulmagynyň yzlary bardy. Türkmen häkimiýetleri 58 ýaşly zenany ýarag edinmekde aýyplamaga synanyşdylar.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalary Myradowyň yzarlanmagyny onuň žurnalistika işi bilen baglanyşdyrdylar. BMG-niň Adam hukuklary komiteti Ogulsapar Myradowanyň ýaşamak hukugyndan mahrum bolmagyna Türkmenistanyň hökümeti jogapkär diýip, 2018-nji ýylyň aprelinde yglan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG