Russiýada ýaşaýan türkmen raýatlarynyň konsullyk hyzmatlaryna bolan talaby artýar, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanalarynda nobatlar döreýär. Ýüz tutýan türkmenistanlylaryň arasynda türkmen raýatlygyndan çykmak isleýänler hem az däl.
Azatlygyň Russiýadaky çeşmeleri Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminde uly nobatlaryň emele gelendigini aýdyp, ýüz tutýan türkmenistanlylaryň Russiýada ýaşamak, işlemek we oturum almak üçin Türkmenistanda ýaşan wagtynda jenaýat jogapkärçiligine çekilip-çekilmändigi barada kepilnama ýaly dürli zerur dokumentler üçin barýandygyny aýdýarlar.
Nobata duranlaryň 70%-den gowragynyň milleti türkmenler diýip, çeşmeler aýdýar.
"Russiýa Federasiýasynda çagasy bolan zenanlar we Russiýada raýatlygyny alan raýatlar öz çagalary bilen gelip, konsulhananyň önünde bäbekleri bilen bile nobata durmaly bolýarlar" diýip, ilçihanadaky ýagdaýdan habarly çeşme gürrüň berdi.
Türkmen ilçihanasyna şu günler ýüz tutýan türkmenistanlylaryň arasynda türkmen raýatlygyndan çykmak üçin arza tabşyrýanlar hem az däl.
"Kepilnamadan gaýry Russiýa Federasiýasyna hemişelik göçüp gelen Türkmenistanyň raýatlary, Russiýa Federasiýasynyň graždanlygyna geçensoň Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak üçin resminamalaryny toplap konsul bölümüne ýüz tutýarlar. Türkmenistanyň prezidentiniň adyna arza ýazyp, raýatlykdan çykmak üçin nobata duranlaryň sany her gün onlarça adama ýetýär. Umuman konsullyk hyzmatlary üçin nobatlarda duran adamlaryň sany bilelikde ýüzden geçýär" diýip, moskwadaky çeşme 12-nji awgustda gürrüň berdi.
Türkmen raýatlygyndan näme üçin çykýarlar?
Rus raýatlygyna eýe bolup, Russiýada ýaşaýan türkmenistanlylaryň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, olaryň Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak karary birnäçe sebäplere bagly.
Käbirler Türkmenistanda kadaly ýaşap boljagyna ynamynyň ýokdugyny aýdan bolsa, beýlekiler Russiýada işe ýerleşmek üçin käwagt başga ýurduň raýatlygynyň bolmazlygynyň talap edilýändigini gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmenistanlylar türkmen häkimiýetleriniň basyşyny sebäp hökmünde görkezdiler.
"Eger türkmen raýatlygyndan çykmasaň, ýakynlaryňyz görmek üçin Türkmenistana baranyňda güýç gulluklaryň işgärleri gün bermeýärler. Olar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda goşa raýatlyk barada ylalaşygyň ýokdugyny aýdyp, diňe bir raýatlygy saýlap, başgasyndan çykmagy talap edýärler" diýip, Moskwada ýaşaýan türkmenistanly gürrüň berdi.
Şeýle-de, türkmenistanlylar türkmen raýatlygyndan çykmak tertibini "çylşyrymly" diýip atlandyrýarlar we Türkmenistanyň raýatlygyndan daşary ýurtlarda çykmak has amatly diýýärler.
Çykmak tertibi we mümkinçilikleri
"Türkmenistanyň içinde türkmen raýatlygyndan çykjak bolsaň, azyndan iki ýyllap garaşmaly bolýar we ýurduň daşyna çykyp bolmaýar. Sebäbi türkmen raýaty şol döwürde ýurtdan goýberilmeýär. Türkmenistanyň prezidenti raýatlykda çykmak baradaky karara ýylda bir gezek gol çekýär" diýip, Russiýada ýaşaýan ýene bir türkmenistanly aýtdy.
Şol bir wagtda, Moskwadaky türkmen ilçihanasynda nobata duran adamlar daşary ýurtda-da türkmen raýatlygyndan çykmak işiniň uzaga çekýändigini gürrüň berdiler.
"Türkmenistandan çykyp gaýdanymyza on ýyldan köp wagt geçdi, adamlar henizem Türkmenistanyň raýatlygyndan çykyp bilmedi" diýip, ýene bir türkmenistanly aýdýar.
Türkmenistanyň raýatlygyndan çykýan türkmen raýatlarynyň sany barada Moskwadaky türkmen ilçihanasynyň we DIM-niň websahypasynda maglumat çap edilmändir. Russiýadaky türkmen raýatlarynyň umumy sany, şol sanda hemişelik göçüp baranlar, syýahatçylyk, iş we okuw wizalary boýunça baranlar barada resmi statistika Türkmenistan tarapyndan berilmeýär.
Şol bir wagtda Russiýa tarapyndan çap edilen sanlar türkmen raýatlarynyň ýurda syýahatçylyk wizasy bilen gelen daşary ýurtlylaryň arasynda ilkinji üçlüge girýändigini görkezýär.
Resmi statistika
Russiýanyň Syýahatçylyk Operatorlary Assosiasiýasyna (ATOR) salgylanyp, çap edilen media maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan Russiýa 26 000-den gowrak syýahatçy barypdyr. Maglumatda syýahatçylyk wizasy bilen barýanlaryň ählisiniň syýahatçylar bolman, "köplenç raýatlar şahsy maksatlary bilen gelýärler, ýöne saparynyň maksadyny syýahatçylyk edip görkezýärler" diýilýär.
"Türkmenistanyň Hronikasy" garaşsyz neşiri Türkmenistanyň raýatlarynyň Russiýada işlemek üçin köplenç syýahatçylyk ýa-da student wizasyny alýandygyny belleýär we 2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň 109 müňden gowrak wiza berendigini, şolardan 30,5 müň student we 58 müň syýahatçylyk wizasy bolandygyny ýatladýar.
Şeýle-de, ýaňy-ýakynda Russiýa tarapyndan beýan edilen resmi sanlara görä, Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda 47 müňden gowrak türkmen raýatynyň bilim alýandygy mälim bolupdy.Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkiniň iýun aýynda türkmen metbugatyna aýtmagyna görä, 7 müň türkmen studenti rus býujetiniň hasabyna okaýar.
Geçen ýylyň güýzünde Aşgabatda daşary ýurt ilçihanalarynda wiza almak üçin ýüz tutýan türkmen raýatlarynyň uly nobatlarynyň dörän wagtynda türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurt ilçihanalaryndan wiza nobatlaryny "gizlemegi soraýandygy" barada habar berlipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum