Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýurduň günorta-günbatar sebitleri, şol sanda Nohur, Garawul geňeşlikleri sil suwlaryndan ejir çekýär


Daglyk sebitlere sil geldi. Balkan welaýaty. Arhiw suraty. Illýustrasiýa
Daglyk sebitlere sil geldi. Balkan welaýaty. Arhiw suraty. Illýustrasiýa

11-nji awgustda ýurduň günorta sebitlerinde birnäçe ilatly ýer sil suwlaryndan ejir çekdi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Nohur we Garawul geňeşliklerinde ýagan çabgalarda käbir binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň zyýan çekendigini habar berýär.

Sebitden gelip gowuşýan wideolarda daglyk sebitde ýerleşýän Nohur obasynda sil suwlarynyň joşup, köçeleriň ugry bilen aşaklygyna tarap akyşyny görmek bolýar. Ýollaryň kenarlarynda park edilen käbir iri ulaglar tas ýary biline çenli joşan suwuň aşagynda galýar.

Azatlyk Radiosynyň tassyklamagy başaran sosial media wideolarynyň birinde suw joşgunyny synlap, wideo düşürýän, ýa-da onuň gapdalynda duran bir aýal adamyň sojaýşyny eşitmek bolýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji awgustda günüň ikinji ýarymynda sil suwlaryndan ejir çeken ýerleriň golaýynda ýerleşýän Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda hem gysga möhletli çabganyň ýagandygyny habar berýär.

Bu aralykda, paýtagt Aşgabatda ýaşap, silden ejir çeken sebitlerde dogan-garyndaşlary ýaşaýan adamlar ýardam bermek maksady bilen, 12-nji awgustda irden Nohur we Garawul obalaryna baryp başlady.

Agyr ýagyşlar Nohur obasynda 11-nji awgustda öýlän sagat 15:00 töwereklerinde başlapdyr.

'Kömek bolmady'

“Bu obada ýaşaýan bir tanşym özüniň ýakyn hossarlaryny Aşgabada alyp gaýtmaly bolupdyr. Onlarça ýaşaýyş jaý suw astynda galypdyr, 12-nji awgusta geçilen gije heniz hem döwletden kömek bolmady, köçede galan adamlar boldy” diýip, paýtagtly bir ýaşaýjy anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu hadysa boýunça sebit häkimiýetlerinden resmi teswir alyp bilmeýär, adam pidalarynyň bolup-bolmandygy, çekilen zyýanyň gerimi barada başga maglumat berilmeýär.

Türkmen häkimiýetleri adatda şeýle hadysalar barada aç-açan çykyş etmeýärler. Döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tebigy hadysalar barada öz wagtynda habar bermeýär.

Ýöne ýerli “Turkmenportal” we “Orient” neşirleri 11-nji awgustda günortan ýurduň käbir sebitlerinde gysga möhletli ýagşyň ýagmagyna garaşylýandygyny habar berdiler.

Habar serişdeleri Balkan we Ahal welaýatlarynda, şeýle-de paýtagt Aşgabatda hepdäniň ikinji ýarymynda gysga möhletli ýagyşlaryň ýagmagyna garaşylýandygyny aýtdy, ýöne hepdäniň başynda, birinji ýarymynda günorta sebitlerde bolup geçen suw joşmalary barada habar bermekden saklandy.

Howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri öňümizdäki günlerde ýurduň, hususan-da, günbatar sebitlerinde ýyldyrym çakyp, güýçli ýagyşlaryň ýagmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

Maglumata görä, günbatar welaýatda hem-de, Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň Balkan welaýatyna ýanaşyk sebitlerinde 12-13-nji awgustda gysga möhletli ýagyşlaryň ýagmagyna garaşylýar.

Şaýatlar Nohur we Garawul geňeşliklerine sil suwlary gelende ýerli ýaşaýjylaryň esasan obalaryň ýokarky bölegine tarap gaçmaga synanyşandygyny aýdýarlar.

Ýanaşyk sebitlere-de sil geldi

Bäherden etraýynyň Garawul geňeşligi sebitiň günorta künjeginde, Balkan welaýaty bilen araçäkde ýerleşýär. Ondan biraz aşagyrakda, Garawul obasyndan 13 kilometr çemesi demirgazykda, daglyk sebitde, Nohur geňeşligi ýerleşýär.

Tebigy gözellige baý bolan ilatly ýerler ýurt içinde gelim-gidimli ýerleriň biri hasaplanýar. Nohur geňeşliginden 20 kilometr çemesi demirgazykda, dagyň eteginde Arçman şypahanasy bar. Sil suwlarynyň beýleki sebitlere ýetiren täsiriniň hakyky gerimini anyklap bolmaýar.

Bu makala efir üçin taýýarlanýan mahaly, 12-nji awgustda, günüň ikinji ýarymynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň hem sil suwlaryndan, agyr ýagyşlardan ejir çekendigini habar berdiler.

Türkmen häkimiýetleri şeýle howa hadysalary barada resmi beýanat ýa-da hasabat bermeýärler. Ýerli neşirler ýurt içinde bolup geçýän şeýle hadysalary agzamakdan saklanyp, ýurduň daşynda bolup geçýän tebigy hadysalar, tehnogen ýagdaýlar barada habar berýär.

Şeýle halatlarda köplenç ýurt içinde petikli garaşsyz neşirler we sosial media saýtlary ilatyň esasy maglumat çeşmeleri bolup hyzmat edýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň günorta we günorta-günbatar sebitlerinde bolup geçen agyr ýagyşlaryň ýol açan netijeleri barada habar bermegi dowam etdirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG